Yragyň Kürt Awtanomiýasynda mejbury göç edilşikler başlady

Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky howpsyzlyk güýçleri mundan başgada göçen maşgalalaryň öýlerine gyzyl boýag bilen “N” harpyny ýazdylar

818668
Yragyň Kürt Awtanomiýasynda mejbury göç edilşikler başlady

Yragyň Kürt Awtanomiýasynda peşmerge güýçleriniň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun garaşsyzlyk referendumyndan soň onlarça arap we türkmen maşgala Kerkukdan göçmäge mejbur edildi.

Birtaniýada neşir edilýän Al Kuds Al Arabi gazeti, 58 maşgalanyň Kerkukdan göçmäge mejbur edilendigini ýazdy.

Habara görä, şol maşgalalar Diýala welaýatynyň Al Mikdadiýe etrabyna bardy.

Kerkukdan göçmäge mejbur bolan arap maşgalalar käbir resminamalara  mejbury ýagdaýda gol goýandyklaryny nygtadylar.

Yragyň Kürt Awtanomiýasyndaky howpsyzlyk güýçleri mundan başgada göçen maşgalalaryň öýlerine gyzyl boýag bilen “N” harpyny ýazdylar.

“N” harpynyň näme many aňladýandygy bolsa bilinmeýär.

 



Degişli Habarlar