Fransiýada otly bekedinde guralan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy

Fransiýanyň İçeri işler ministri Gerard Gollomb wakanyň terrorçylykly hüjümdigini öňe sürdi

818021
Fransiýada otly bekedinde guralan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy

Fransiýanyň Marsilýa şäherinde otly bekedinde düýn guralan we 2 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan pyçakly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Marsilýanyň Saint-Çarles otly bekedinde başdan geçirlen wakada pyçakly 1 adam otly bekedindäki adamlara hüjüm edip 2 zenanyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda hüjümçiň atylandygy nygtaldy.

Fransiýanyň İçeri işler ministri Gerard Gollomb wakanyň terrorçylykly hüjümdigini öňe sürdi.

 



Degişli Habarlar