Gresiýada bosgunlary alyp barýan gaýygyň batmagy sebäpli 9 ýaşyndaky 1 çaga ýogaldy

25 bosgun halas edildi

815897
Gresiýada bosgunlary alyp barýan gaýygyň batmagy sebäpli 9 ýaşyndaky 1 çaga ýogaldy

Gresiýanyň Meis adasynyň golaýynda bosgunlary alyp barýan gaýygyň batmagy sebäpli 9 ýaşyndaky 1 çaga ýogaldy.

Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeliginden berlen beýanata görä, Meis adasyna barýan gaýygyň batmagy sebäpli başladylan gözleg we halas ediş işlerinde 25 bosgun halas edildi.

Saglyk ýagdaýy agyr bolan 9 ýaşyndaky gyzjagaz bolsa halas edilip bilinmedi.

Bosgunlary halas ediş işlerine harby dikuçar hem goldaw berdi.

Gaýygyň amatsyz howa şertleri sebäpli batandygy nygtalýar.

 


Etiketkalar: #batmak , #halas edildi , #bosgun

Degişli Habarlar