Yragyň Kerkük şäherinde Türkmen Potrtaçylar bileleşigine garşy hüjüm guraldy

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok

814837
Yragyň Kerkük şäherinde Türkmen Potrtaçylar bileleşigine garşy hüjüm guraldy

Yragyň Kerkük şäherinde şahsyýeti mälim bolmadyk adamlar tarapyndan Yrak Türkmen frontynyň düzümindäki Türkmen Potratçylar bileleşigine hüjüm guraldy.

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok.

Azady Polis merkeziniň resmilerinden Nejdet Windawi hüjümiň takmynan 150 metr uzaklykdan guralandygyny belläp, hüjümde ýogalan adamyň bolmandygyny, emma maddy taýdan zeper ýetendigini mälim etdi.

Nejdet Windawi hadysanyň bolan ýeri bolan Musalla etrapçasynda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan giň-gerimli howpsyzlyk çäreleriniň alynandygyny, hüjümçileriň tapylmagy üçin derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar