Kabulyň halkara howa menziline hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky halkara howa menziline guralan raketaly hüjümde 5 adam ýaralandy

815256
Kabulyň halkara howa menziline hüjüm guraldy

Kabulyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Basir Müjahit raketalaryň biriniň howa menziliniň golaýyndaky öýleriň birine gaçmagy netijesinde asuda ilatdan 5 adamyň ýaralanandygyny we ýaralanan adamlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Howa menziline hem birnäçe raketanyň degendigini aýdan Müjahit raketalaryň atylan ýeri bolan Ýaka Tut sebitinde operasiýanyň başlandygyny mälim etdi.

Adynyň mälim edilmegini islemeýän howa menziliň işgärleriniň biri bolsa, hüjümden soň ähli uçar gatnawlaryň duruzylandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan terror guramasy Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit bolsa esasy nyşananyň ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattisiň uçarydygyny belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mattis bilen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbrg hüjümden birnäçe sagat ozal Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine barypdylar.



Degişli Habarlar