Kerkukda köçä çykmak gadagan edildi

Häkimlik referendumdan soň haýsydyr bir wakanyň başdan geçirilmezligi üçin şäherde köçä çykmagy gadagan etdi

814040
Kerkukda köçä çykmak gadagan edildi

Yragyň Kürt Awtanomiýasynda düýn bikanun ýagdaýda geçirlen garaşsyzlyk referendumy geçirilýän sagatlarynda Kerkuk şäherinde köçä çykmak gadagan edildi.

Häkimlik referendumdan soň haýsydyr bir wakanyň başdan geçirilmezligi üçin şäherde köçä çykmagy gadagan etdi.

Şäher häkimi Nejmeddin Kerim hiç kimiň Kerkukda azlyklara we esasan-da türkmenlere zeper ýetirmegine rugsat bermejekdiklerini aýtdy.

Beýleki tarapdan İçeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Afrasýaw Kamil şäher merkezinde agşam sagat 17.00-dan soň ulag gatnawynyň hem gadagan edilendigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar