Kerkuk şäherine we jedelleşikli beýleki etraplara esger ornaşdyrlar

Yragyň Mejlisi Kerkuk şäherine we jedelleşikli beýleki etraplara esger ornaşdyrylmagy hakynda karar kabul etdi

813872
Kerkuk şäherine we jedelleşikli beýleki etraplara esger ornaşdyrlar

Yragyň Mejlisinden berlen ýazmaça beýanatda, “Mejlis Kerkuk şäherinde we jedelleşikli beýleki etraplarda raýatlaryň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin hökümetiň harby güýç ornaşdyrmagy hakynda karar aldy” diýildi.

Beýanatda Mejlisiň mundan başgada Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň gözegçiligi astyndaky ähli gümrük geçelgeleriniň ýapylmagy hakynda karar kabul edendigi ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi hem Yragyň Kürt Awtanomiýasynda ýaşaýan halkyň goralmagy üçin görkezme berdi.

 



Degişli Habarlar