Owganystanda12 başbozar öldürildi, 17-si ýaralandy

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi

812143
Owganystanda12 başbozar öldürildi, 17-si ýaralandy

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda Talibanly başbozarlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 12 başbozar öldürildi, 1sakçy ýogaldy.

Welaýat häkimliginden berlen beýanatda başbozarlaryň welaýatyň Daşti Arçi etrabynyň golaýyndaky Gulbulak etrapçasyndaky gözegçilik merkezine hüjüm etmeginden soň başbozarlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň çaknyşandygy nygtaldy.

Birnäçe sagat dowam eden çaknyşykda 12 başbozaryň öldürlendigi, 17-siniň ýaralanandygy ýatladyldy.

Çaknyşykda 1 sakçynyň ýogalandygy, 3-niň ýaralanandygy we gurama degişli köp sanly ýaragyň ele geçirlendigi bellenildi.

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi.

 



Degişli Habarlar