Russiýa RS-24 Ýars kysymly materikara balistiki roketany synagdan geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi RS-24 Ýars kysymly materikara balistiki roketanyň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi

810850
Russiýa RS-24 Ýars kysymly materikara balistiki roketany synagdan geçirdi

Goranmak ministrliginden mesele hakynda berlen beýanatda “Birnäçe garaşsyz harby uçly RS-24 Ýars kysymly materikara balistiki roketa  Plesets emeli hemra bazasyndan uçuryldy we üstünli ýagdaýda synagdan geçirildi” diýildi.

Russiýa 12-nji sentýabrda hem RS-24 Ýars kysymly roketany üstünlikli ýagdaýda synagdan geçiripdi.

RS-24-ler Moskwaly inženerler tarapyndan öndürildi.

Roketalar gysga wagtda we has az çykdajy bilen öndürilmegi  bilen ünsleri özüne çekýär.

 



Degişli Habarlar