Howpsyzlyk geňeşi Arakanly musulmanlara garşy edilýän zulumy ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşer

Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň Arakandan gaçmaga çalyşýanlaryň gün saýyn agyrlaşýan ýagdaýyna alada bildirýär

805649
Howpsyzlyk geňeşi Arakanly musulmanlara garşy edilýän zulumy ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşer

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi şu gün Mýanmadaky Arakanly musulmanlara garşy edilýän zulumy ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşer.

Britaniýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Mattew Rykort metbugata beren beýanatynda Britaniýanyň we Şwesiýanyň Arakanda başdan geçirilýän wakalar sebäpli BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine gyssagly jemlenişmek barada çagyryş berendigini aýtdy.

Rykort BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň Arakandan gaçmaga çalyşýanlaryň gün saýyn agyrlaşýan ýagdaýyna alada bildirýändigini öňe sürdi.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň görkezijilerine görä, hüjümlerden gaçyp Bangladeşe sygynan Arakanly musulmanlaryň sany 313 müne ýetdi.

 



Degişli Habarlar