Yragyň mejlisi YKA-nyň Garaşsyzlyk referendumyny ret etdi

Yragyň merkezi hökümetiniň mejlisi Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirmegi meýilleşdirýän Garaşsyzlyk referendumyny ret etdi

805589
Yragyň mejlisi YKA-nyň Garaşsyzlyk referendumyny ret etdi

Şaýy Milli koalisiýasynyň deputatlaryndan Ali Safi: “Mejlis 25-nji sentýabrdaky referendumyň ret edilmegi bilen bagly karary sesleriň köplügi bilen kabul etdi” diýdi.

Safi karara garşy bolan kürt deputatlaryň bolsa mejlisi terk edendigini mälim etdi.

328 orunlyk mejlisde geçirilen ses berilşige 168 deputat gatnaşdy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Mesud Barzani 7-nji iýunda syýasy partiýalar bilen geçiren duşuşygyndan soň Garaşsyzlyk refenedumynyň 25-nji sentýabrda geçiriljekdigini mälim edipdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abdi bolsa Barzaniniň bu beýanatyndan soň, referendumyň konstitutsiýa bap gelmeýändigini belläp, netijelerini kabul etmejekdiklerini nygtady. 
 



Degişli Habarlar