“Hytaý Koreýa Ýarymadasynda haosa we söweşe asla rugsat bermez”

"Demirgazyk Koreýanyň lideri söweşmek üçin ýalwarýan ýaly hereket edýär

801070
“Hytaý Koreýa Ýarymadasynda haosa we söweşe asla rugsat bermez”

 

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Günorta Koreýanyň çagyryşyna laýyklykda Demirgazyk Koreýanyň ýekşenbe güni geçiren materikara balistiki roketa bilen utgaşykly wodorod bombasy synagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn gyssagly jemlenişdi.

Hytaýyň BMG-nyň ýanyndaky hemişlek wekili Liu Lieýi Demirgazyk Koreýanyň wodorod bombasy synagy meselesinde ýurdunyň Koreýa Ýarymadasynda haosa we söweşe asla rugsat bermejekdigini aýtdy.

Liu Howpsyzlyk geňeşinde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro roketa synagy sebäpli emele gelen dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegi çagyryşyny berdi.

Liu “Hytaý Koreýa Ýarymadasynda haosa we söweşe asla rugsat bermez”diýdi.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý hem Demirgazyk Koreýanyň lideriniň söweşmek üçin ýalwarýan ýaly hereket edýändigini aýtdy.

Haleý Demirgazyk Koreýa bilen söwda taýdan gatnaşyk edýän ýurtlara basyş ediljekdigini belledi.

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia hem “Sebitde parahatçylyga uly howp abanýar we bu howp hemişekilerden has uly” diýdi.

Nebenzia BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryny basgylaýan Demirgazyk Koreýanyň berk ýazgarylmalydygyny nygtady we krizisiň syýasy we diplomatiýa taýdan çözülmegi çagyryşyny berdi.



Degişli Habarlar