BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň balistiki roketa synagyny geçirmegini berk ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ABŞ-nyň, Ýaponiýanň we Günorta Koreýanyň çagyryşyna laýyklykda jemlenişdi

798598
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň balistiki roketa synagyny geçirmegini berk ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň balistiki roketa synagyny geçirmegini berk ýazgardy we şuňa meňzeş ýadro tagallaryny bes etmegini isledi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ABŞ-nyň, Ýaponiýanň we Günorta Koreýanyň çagyryşyna laýyklykda jemlenişdi.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň oturluşygynda ABŞ tarapyndan taýarlanan jarnama ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirlen gepleşikler netijesinde jarnama Howpsyzlyk geňeşine agza 15 ýurduň bir agyzdan ses bermegi bilen kabul edildi.

Jarnamada Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýanyň üstünden geçen roketa synagy berk ýazgaryldy we synagyň bilkastlaýyn sebitara parahatçylygy we durnuklylygy nyşana alýandygy nygtaldy.

Jarnamada “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Koreýa Ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy meselesinde tutanýerlidir” diýildi.

Jarnamada şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyk hereket etmegi we indi roketa synagyny geçirmezligi we ýadro tagallalaryndan ýüz öwürmegi islendi.

Jarnamada BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň meseläniň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar