Russiýa Demirgazyk Koreýa çagyryş berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň ähli kararlaryny ýerine ýetirmegi barada çagyryş berdi

798496
Russiýa Demirgazyk Koreýa çagyryş berdi

Sergeý Lawrow BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyklar ministri Şeýh Abdullah Bin Zaýed Al-Nahaýan bilen Abu Dabide geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda: "Demirgazyk Koreýanyň geçiren täze raketa synagynyň ara alynyp maslahatlaşyljak BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynda Russiýa bu ýörelgeleri göz öňünde tutup geňeşiň kabul etjek kararlaryna boýun bolar" diýip mälim etdi.

Demirgazyk Koreýa täze ballistik raketa synagyny geçiripdi. Raketa Ýaponiýanyň üstünden geçip Ýuwaş okeanyna gaçypdy.

BMG şu aýyň başynda raketa programasy sebäpli Demirgazyk Koreýa ediljek eksportlary gadagan edipdi, bu ýurda goýuljak maýa goýumlary çäklendirýän täze sanksiýalar girizipdi.

 



Degişli Habarlar