Russiýa Aýlag krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýär

Zaharowa Katar bilen käbir Arap ýurtlarynyň arasyndaky krizisde ähli taraplara sagdyn pikirlilik çagyryşyny berdi

795974
Russiýa Aýlag krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýär

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Katar bilen Pars aýlag ýurtlaryna sagdyn pikirlilik çagyryşyny berdi we “Krizisiň ähli taraplaryň gatnaşmagynda stoluň başynda çözülmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýäris” diýdi.

Zaharowa paýtagt Moskwada metbugata beren beýanatynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň krizisiň çözülmegi maksady bilen awgust aýynyň 27-30-y aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýde we Katara sapar gurajakdygyny aýtdy.

Katar bilen käbir Arap ýurtlarynyň arasyndaky krizisde ähli taraplara sagdyn pikirlilik çagyryşyny beren Zaharowa “Taraplar biri-birine garşy çykyşlardan gaça durmaly. Russiýa ýene-de bir gezek meseläniň stoluň başynda çözülmegi çagyryşyny berýär” didi.

 



Degişli Habarlar