“NATO Russiýa bilen çaknyşmak islemeýär"

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Russiýanyň NATO-nyň iň uly goňşusydygyny nygtady

796466
“NATO Russiýa bilen çaknyşmak islemeýär"

Baş sekretar “NATO Russiýa bilen çaknyşmak islemeýär emma Russiýanyň käbir hereketleri Ýewropanyň howpsyzlygyna we durnuklylygyna zeper ýetirdi” diýdi.

Italiýanyň Rimini şäherinde geçirlen maslahata gatnaşan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg NATO-nyň roly we Russiýa hakynda maglumat berdi.

Russiýanyň Ukraina tutumy hakynda garaýyş beýan eden Stoltenberg “Russiýa 2014-nji ýylda Krymy basyp aldy. II-nji jahan urşundan soň ilkinji gezek bir güýç Ýewronyň bir sebitini aldy we Russiýa Ukrainanyň gündogarynda durnuksyzlyga sebäp bolmaga dowam edýär. Çaknyşykda Ukrainaly 10 müň adam ýogaldy. Bu hem howpsyzlyk syýasatymyzyň özgermegine sebäp boldy. NATO Russiýa bilen gatnaşyklaryny we dialogyny dowam etdirmek isleýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar