Demirgazyk Koreýa harby türgenleşige nägilelik bildirdi

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň bilelikde geçirýän we iki ýurtdan 67 müň 500 esgeriň gatnaşmagynda dowam edýän harby türgenleşige nägilelik bildirdi

794718
Demirgazyk Koreýa harby türgenleşige nägilelik bildirdi

Demirgazyk Koreýa türgenleşige gatnaşýan ýurtlary Liderligi agdarmak üçin gizlin bir operasiýa geçirmek bilen günäkärledi.

Demirgazyk Koreýaly diplomatlar harby türgenleşigi ody gorjamak hökmünde häsýetlendirdi we dartgynlygy artdyrjakdygyny belledi.

Demirgazyk Koreýa mundan başgada türgenleşigiň hakyky söweşe öwrülip biljekdigi barada duýduryş berdi.

Günorta Koreýanyň ABŞ bilen geçirýän türgenleşigi şu hepdäniň penşenbe gününe çenli dowam eder. 

Türgenleşige BMG-nyň serkerdeligine degişli Awstraliýa, Kanada, Kolumbiýa, Daniýa, Täze Zelandiýa, Gollandiýa we Britaniýa ýaly ýurtlardan esgerler gatnaşýar. 

 



Degişli Habarlar