Eýranda 12-nji hökümetiň gurulmagy işleri tamamlandy

Eýranda 19-njy maýda geçirlen saýlawlardan soň 12-nji hökümetiň gurulmagy işleri tamamlandy

793980
Eýranda 12-nji hökümetiň gurulmagy işleri tamamlandy

Prezident Hasan Ruhaniniň Mejlise hödürlän 17 dalaşgärinden 16-sy ynam sesini aldy.

Ministrler kabinetiniň täze düzüminde daşary işler, içeri işler, nebit we aragatnaşyk ministrleri bilen milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy wezipesini dowam etdirer.

Prezident Hasan Ruhani general Emir Hatamini Goranmak ministri hökmünde teklip edipdi.

Hatami 290 kürsüli Mejlisde 261 ses bilen iň köp sesi alyp Goranmak ministri boldy.

 



Degişli Habarlar