“Demirgazyk Koreýa bilen dialogyň tarapdarydyrys, emma soňky karar Kim Çen Yna bagly”

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Reks Tillerson Demirgazyk Koreýa bilen dialogyň tarapdarydyklaryny emma soňky kararyň bu ýurdyň lideri Kim Çen Yna baglydygyny belledi

790679
“Demirgazyk Koreýa bilen dialogyň tarapdarydyrys, emma soňky karar Kim Çen Yna bagly”

Ministr Tillerson Döwlet sekretarlygyndaky metbugat ýygnagynda žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Demirgazyk Koreýa bilen ýurdunyň arasynda soňky günlerde başdan geçirilýän dartgynlygyň üstünde durup geçen Reks Tillerson: “Demirgazyk Koreýa bilen dialogyň tarapdarydyrys, emma soňky karar Kim Çen Yna bagly” diýdi.

Reks Tillerson Demirgazyk Koreýanyň: “Amerikalylar Koreýa ýarymadasynda howply oýun oýnaýar” sözleri barada bolsa beýanat bermekden saklandy.



Degişli Habarlar