Eýran raketa maksatnamasy hakyndaky kanuny tassyklady

ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy işe girişen Eýran ýerli raketa maskatnamasyny öndürmek baradaky kanuny tassyklady

789317
Eýran raketa maksatnamasy hakyndaky kanuny tassyklady

Resmi Tähranyň ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap hökmünde öz raketa maskatnamasyny düzmek üçin 520 million dollara barabar serişdäniň bölünip berilmegi baradaky kanun Mejlisde kabul edildi.

Kanuna görä 260 million dollarlyk serişde raketa maskatnamasy üçin, 260 million dollarlyk serişde bolsa Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň daşarky operasiýalaryndan jogapkär Ýörite İýerusalim güýji üçin bölünip beriler.

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani; “Amerikalylar munuň ilkinji ädimlerimizdigini bilsinler” diýmek bilen, kanunyň “ABŞ-nyň sebitdäki terrorist we perwaýsyz aksiýalaryna garşy göreşmek” maksady bilen çykarylandygyny aýtdy.

Amerikanyň hökümeti aýyň başynda Eýranyň 18 raýatyna we guramasyna Tähranyň ballistiki raketa maksatnamasyny goldaýandygy sebäpli goşmaça sanksiýa goýmak barada karar kabul edipdi.

Resmi Tähran bolsa şol karary ýazgaryp, Amerikan raýatlaryna we firmalaryna sanksiýa goýjakdygyny habar beripdi.


Etiketkalar: #Eýran , #raketa , #mejlis , #kanun , #ABŞ , #terrorist

Degişli Habarlar