Tramp Russiýadaky diplomatlaryny yzyna ugradandygy üçin Putine öz minnetdarlygyny bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýadaky diplomatlaryny yzyna ugradandygy üçin Prezident Wladimir Putine öz minnetdarlygyny bildirdi

788058
Tramp Russiýadaky diplomatlaryny yzyna ugradandygy üçin Putine öz minnetdarlygyny bildirdi

Donald Tramp “Oňa (Putine) sag bolsun aýtmak isleýärin, sebäbi işgärlerimiz üçin edýän çykdajylarymyzy çäklendirmek isleýäris. İlçihanamyzda işleýänleriň bir böleginiň yzyna ugrandygy üçin özümi bagtly hasap edýärin, sebäbi işgärlerimiziň sany azaldy”diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Russiýa goýan täze sanksiýa kararyndan soň ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatlaryndan 755 adamyň ABŞ-na yzyna ugradyljakdygyny aýdypdy.

Şeýlelikde ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynda 1-nji sentýabrdan başlap diňe 455 adam işlär.

Şol san Russiýanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalarynda işleýänleriň sany bilen deň.

 



Degişli Habarlar