"Koreýa ýarymadasynda harby ssenariýlerden uzak durulmaly"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Koreýa ýarymadasynda harby ssenariýlerden uzak durulmalydygyny belledi

785370
"Koreýa ýarymadasynda harby ssenariýlerden uzak durulmaly"

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Lawrow Filippinleriň paýtagty Manilada geçirilen ASEAN-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 50-nji nobatdaky maslahatynyň çäginde Demirgazyk Koreýaly kärdeşi Ri Ýong-Ho bilen duşuşyk geçirdi.

Lawrow we Ri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Koreýa ýarymadasyndaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýanatda: "Lawrow degişli ähli taraplary Koreýa ýarymadasynda oňaýsyz harby ssenariýleriň durmuşa geçirilmeginden ýüz öwürmek üçin sowukganylyk görkezmäge we düzüminde ýadro ýaraglaryň ýok edilmegi hem bolan ýarymdadaky meselelere giňişleýin çözgüt tapmaga başlamak üçin çagyryş berdi" diýilýär.

"Lavrov, ilgili tüm tarafları Kore yarımadasında olumsuz askeri senaryoların uygulanmasından kaçınmak için azami itidali göstermeye ve nükleer silahların imhası da dahil olmak üzere yarımadadaki sorunlara yönelik kapsamlı çözümler vasıtasıyla diplomatik çözüm aramaya başlama çağrısı yaptı" denildi.

 



Degişli Habarlar