Eýranly esgeriň töweregindäkilere od açmagy netijesinde 4 harby ýogaldy

Esgeriň aklyny ýitirendigi ýa-da ýaragynyň gözegçilik astyndan çykandygy çak edilýär.

784898
Eýranly esgeriň töweregindäkilere od açmagy netijesinde 4 harby ýogaldy

Eýranyň paýtagty Tähranda ýurdyň Harby howa güýçlerine degişli harby tälim meýdançasynda bir esgeriň töweregindäkilere od açmagy netijesinde 1-i maýor çinli bolan 4 harby ýogaldy, 8 esger bolsa ýaralandy.

Eýranyň goşunyna degişli AJA internet saýtynyň berýän habaryna görä Kehrizek harby tälim meýdançasynda 1 esgeriň od açmagy netijesinde 4 harby ýogaldy, 8 esger bolsa ýaralandy.

Esgeriň aklyny ýitirendigi ýa-da ýaragynyň gözegçilik astyndan çykandygy çak edilýär.

Beýleki tarapdan Mehr habarlar agentligine beýanat beren Kehrizek welaýatynyň mejlisiniň başlygy Muhammed Haşimi wakanyň Sistan-Buljystanly esgeriň ýaragly hüjümi netijesinde bolandygyny, ýogalanlaryň biriniň maýor çinlidigini mälim etdi.

Ýurtda geçen aý Kazwin welaýatyndaky Abik harby bazasynda esgerleriň biriniň od açmagy netijesinde 3 esger ýogalypdy, 5 esger bolsa ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Eýran , #Tähran , #esger , #od açmak

Degişli Habarlar