Owganystanyň Hyrat şäherindäki metjide hüjüm guraldy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 29 adam ýogaldy

781927
Owganystanyň Hyrat şäherindäki metjide hüjüm guraldy

Owganystanyň Hyrat şäherindäki metjide yzly-yzyna guralan 2 aýry hüjümde 29 adam ýogaldy, 64 adam ýaralandy.

Resmiler hüjümçileriň birinjisiniň Hyrat şäheriniň merkezindäki Jewadiýe metjidiniň girelgesinde üstündäki bombany partladanyndan soň, ikinji hüjümçiniň metjidiň içine girip çem gelen ýere od açmaga başlandygyny habar berdiler.

Hüjümden soň metjit ulanyp bolmajak ýagdaýa öwrüldi.

Ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Türkiýe bolsa Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: “Mukaddes bir ýeriň we bigünä adamlaryň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys” diýildi.



Degişli Habarlar