Birleşen Arap Emirlikleriniň Demirgazyk Koreýadan ýarag alandygy öňe sürülýär

Resminamalarda Demirgazyk Koreýa bilen BAE-niň arasynda 100 million dollarlyk ýarag söwdasynyň edilendigi nygtalýar

774611
Birleşen Arap Emirlikleriniň Demirgazyk Koreýadan ýarag alandygy öňe sürülýär

 

Merkezi ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýerleşýän Pars işleri institutynyň 18-nji iýunda çap eden habarnamasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna degişlidigi öňe sürülýän käbir gizlin resminamalara ýer berildi.

Resminamada ýer alýan we Demirgazyk Koreýa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky resminamalaryň BAE-niň Waşingtondaky ilçisi Ýusuf Al Uteýbeniň internet garakçylary tarapyndan ele geçirlen elektronik poçta salgysyndan alynandygy nygtalýar.

Gizlin resminamalaryň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan Uteýbä berlendigi öňe sürülýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy resminamalar hakynda hiç hili garaýyş beýan etmedi.

Resminamalarda Demirgazyk Koreýa bilen BAE-niň arasynda 100 million dollarlyk ýarag söwdasynyň edilendigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar