Günorta Koreýadan Demirgazyk Koreýa gepleşikler geçirmek barada çagyryş

Günorta Koreýa we Demirgazyk Koreýa gepleşikler geçirmäge taýarlyk görýär

771905
Günorta Koreýadan Demirgazyk Koreýa gepleşikler geçirmek barada çagyryş

Günorta bilen Demirgazyk Koreýalaryň arasyndaky harbylardan arassalanan zolak bolan Panmynçžon obasynda ýene-de bir gezek taraplaryň diýalog gepleşikelriniň geçirilmegine taýarlyk görýär.

Phenýanyň raketa synaglary bilen mart aýyndan bäri barha dartgynlaşan ýagdaýy gowşatmak isleýän resmi Seulyň hökümeti duşman doganyny gepleşikler geçirmäge çagyrdy.

21-nji iýulda Panmynçžon obasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşiklerde harby meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Seo Žoo-Seok: “Goranmak ministrligi Demirgazyk Koreýa bilen 21-nji iýulda Panmynçžon obasynyň demirgazygynda harby meseleleri maslahatlaşmagy umyt edýär. Maksadymyz soňky döwürde artan dartgynlygy gowşatmak we duşmaçylykly hereketleri bes etmek” diýip belledi.



Degişli Habarlar