Donald Tramp FBI-iň ozalky müdürini günäkärledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Federal derňew býurosynyň ozalky müdüri Jeýms Komini gizlin resminamalary media bermek bilen günäkärledi

768068
Donald Tramp FBI-iň ozalky müdürini günäkärledi

Tramp sosial media hasabynda beren beýanatynda: "Jeýms Komi media gizlin resminamalary berdi. Bu bikanun bir hereketdir" diýdi.

FBI-iň ozalky müdüri Komi geçen aý amerikan kongresinde eden çykyşynda Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň wezipesinden çetleşeninden soň adyny garalandygyny we FBI barada ýalan sözländigini belledi.

 



Degişli Habarlar