DAIŞ Müsürde gözegçilik merkezlerine hüjüm gurady

Hüjümde 10 esger ýogaldy, 26 esger ýaralandy

766531
DAIŞ Müsürde gözegçilik merkezlerine hüjüm gurady

Müsüriň Sina ýarym adasynda terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar gözegçilik merkezlerine hüjüm gurady.

Hüjümde 10 esger ýogaldy, 26 esger ýaralandy.

DAIŞ-e agza terrorçylar ilki bomba ýüklenen 2 ulagy gözegçilik merkeziniň golaýynda ýardy, soň bolsa gözegçilik merkezine od açmaga başlady.

Edil şonuň ýaly ikinji gözegçilik merkezine hem hüjüm guraldy.

Hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Müsüriň ýaragly güýçleriniň terrorçylara garşy guran operasiýasynda hem 40-a golaý terrorçy öldürildi.

 


Etiketkalar: #Müsür , #Sina , #hüjüm , #DAIŞ , #terrorçy

Degişli Habarlar