Angela Merkel Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Szinpin bilen duşuşdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Szinpin bilen duşuşdy

765961
Angela Merkel Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Szinpin bilen duşuşdy

Duşuşykda iki ýurduň arasynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň diýseň möhümdigini aýdan Merkel Hytaýda nemes firmalaryna deň hukukly çemeleşilmegini isledi.

Hytaý bilen diňe söwda taýdan däl eýsem tehnalogiýa, howpsyzlyk we terrora garşy göreş taýdan hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýdan Merkel, Germaniýanyň Ýüpek ýoly taslamasynda ýer alyp biljekdigini ýatlatdy.

Gamburgda geçiriljek G-20-niň 12-nji maslahaty hakynda hem durup geçen Merkel maslahatyň çäginde möhüm gepleşikler geçirjekdigini aýtdy.

Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Szinpin hem maslahatyň netijeli bolmagy üçin Merkele goldaw berjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar