Türkiýe, Russiýa we Eýran Siriýa babatynda ylalaşyga geldiler

Siriýadaky çaknyşyksyz zolaklar babatynda Türkiýe, Russiýa we Eýran garaýyşda ylalaşdylar

758521
Türkiýe, Russiýa we Eýran Siriýa babatynda ylalaşyga geldiler

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow türk, rus we eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen Siriýa temaly maslahatda çaknyşyksyz zolaklaryň parametrlerini jikme-jik ýagdaýda ele alandyklaryny mälim etdi.

Bogdanow gepleşikleriň netijesi boýunça Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň çaknyşyksyz zolaklaryň parametrleri bilen baglanşykly garaýyşda ylalaşandyklaryny habar berdi.

Üç garant ýurdyň wekilleriniň goldamagy bilen käbir resminamalaryň taýarlanandygyny aýdan Bogdanow olaryň 4-5-nji iýulda Astanada geçiriljek Siriýa temaly gepleşiklerde kabul ediljekdigine ynanýandyklaryny belledi.

Bogdanow siriýaly oppozisionerleriň hem gepleşiklere gatnaşjakdygyna ynanýandyklaryny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar