Brtitaniýada bu gezek musulmanlar nyşana alyndy

Britaniýanyň paýtagty Londonda terror bu gezek musulmanlary nyşana astyna aldy

755091
Brtitaniýada bu gezek musulmanlar nyşana alyndy

Paýtagt Londonyň demirgazygyndaky Finsbury Park diýilen ýerinde bir adam ýük ulagyny tarawa namazyny okap dagalmaga başlan adamlaryň üstüne sürdi.

Hüjümde 1 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Hüjüm bilen baglanşykly 1 adam göz tussaglygyna alyndy, 2 adam bolsa wakanyň bolan ýerinden gaçdy.

Göz tussaglygyna alynan adamyň şahsyýeti aýan edilmedi.

Hüjümi “Gorkunç bir heläkçilik” diýip häsýetlendiren Britaniýanyň Premýer ministri Tereza Meý ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Britaniýanyň Musulman geňeşi hadysanyň musulmanlary nyşana alan terrorçylykly hüjümdigini bellediler.

Şaýatlar göz tussaglygyna alynan adamyň “Musulmanlary öldürjek” diýip gygyrandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar