Amerikan Kongresiniň agzalaryna od açyldy

Amerikanyň Wirjiniýa ştatynda beýsbol oýnaýan kongresiň agzalaryna od açyldy

752734
Amerikan Kongresiniň agzalaryna od açyldy

Hüjümde 1-i Respublikan kongresiniň agzasy Senator Stiw Skaliz bolmak bilen 5 adam ýaralandy. 

Hüjümçi bolsa gysga wagtyň içinde tussag edildi.

Hüjümde ýaralanan adamlaryň arasynda polisiýa gullugynyň işgärleriniň hem bardygy habar berildi.

Ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň kanagatlanarlydygy mälim edildi.

Şaýatlar hüjümçiniň azyndan 50 gezek od açandygyny habar berdiler.

Polisiýa gullugy wakanyň bolan ýerinde howpsyzlyk çärelerini artdyrdy.

Hadysa bilen baglanşykly derňew işi dowam edýär.

 



Degişli Habarlar