Katar özüni aklamak üçin işe girişdi

Katar 90 günlük iş üçin firma 2,5 million dollar tölär

750537
Katar özüni aklamak üçin işe girişdi

Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Müsüriň başda durmagynda käbir arap ýurtlary we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan “terrora goldaw bermek” bilen aýyplanýan Katar garaýyşlaryň asylsyzdygyny subut edip özüni aklamak üçin işe girişdi.

Katar şol maksat bilen Jorc W. Buş döwründe 2001-2005-nji ýyllaryň aralygynda ABŞ-nyň Adalat ministri wezipesini ýerine ýetiren Jon Ashkroftuň hukuk firmasy bilen ylalaşdy.

Firmanyň Adalat ministrligine beren maglumatyna görä Katar, 90 günlük iş üçin firma 2,5 million dollar tölär.

Hukuk firmasy Kataryň gara pulyň aklanmagy we terrora maddy taýdan goldaw berilmeginiň öňüniň alynmagy üçin durmuşa geçiren işlerini giňişleýin barlar we ýörite habarnama taýarlar.

 


Etiketkalar: #aklamak , #Katar , #hukukçylar

Degişli Habarlar