Katar raýatlaryna diplomatik gatnaşyklaryny bes eden ýurtlaryň kemsidilmezligi üçin duýduryş berdi

Resmi Doha Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes edip embargo goýan ýurtlaryň kemsidilmezligi üçin raýatlaryna duýduryş berdi

749163
Katar raýatlaryna diplomatik gatnaşyklaryny bes eden ýurtlaryň kemsidilmezligi üçin duýduryş berdi

Mesele hakynda Premýer ministrlikden berlen beýanatda, raýatlardan internetde Katara garşy bolan çykyşlara jogap berilmezligi we haýsydyr bir jedelleşikden çetde durmaklary islendi.

Kataryň raýatlarynyň we ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlylaryň garaýyşlaryny açyk aýdyň beýan etmek hukugyna üns çekilen beýanatda, yslam dininiň kadalaryna görä, wakanyň dogry düşündirilmelidigi bellenildi.

Beýanatda Yslam dinine we Kataryň däp-dessurlaryna laýyklykda Katarda eşretli durmuşda ýaşaýanlardan esasan-da internetde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Katara garşy alnyp barylýan kampaniýa jogap bermezlikleri, başga ýurtlaryň raýatlarynyň we liderleriniň kemsidilmezligi islendi.

 



Degişli Habarlar