Wladimir Putin: “Uruş bolaýsa hiç kim diri galyp bilmez”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ bilen ýurdynyň arasynda uruş bolaýsa hiç kimiň diri galyp bilmejekdigini belledi

748476
Wladimir Putin: “Uruş bolaýsa hiç kim diri galyp bilmez”

Putin meşhur režissýor Oliwer Stoun tarapyndan taýarlanan 4 bölümlik "The Putin Interviews” atly dokumental filmde ABŞ we NATO bilen gatnaşyklar babatynda möhüm beýanatlar berdi.

Showtimede öňümizdäki hepde görkezilmäge başlanjak dokumental filmiň käbir ýerleri tanyşdyrylyş maksady bilen görkezildi.

Putin dokumental filmde Stounyň “Uruş ýüze çykaýsa ABŞ has güýçlimi?” soragyna “Olar ýaly bir uruş ýüze çykan halatynda hiç kim diri galyp bilmezmikä diýýärin” diýip jogap berdi.

Dokumental filmde NATO bilen baglanşykly hem soraglara jogap beren Wladimir Putin NATO-nyň ABŞ-nyň daşary syýasat guraly ýagdaýyna öwrülendigini, NATO hyzmatdaş dälde ABŞ-na garaşly ýurtlardygyny öňe sürdi.

Putin “Bir ýurt NATO agza bolsa ABŞ-nyň basyşyna garşy direnip bilmeýär. Şeýlelik bilen şol ýurda ýarag ulgamlary ýerleşdirilýär. Anti ballistik raketa ulgamlary, harby bazalar we  zerurlyk ýüze çykan halatynda täze hüjüm ulgamlary ýerleşdirilip bilinýär” diýdi.

NATO-nyň giňelmegine hem alada bildirýändigini aýdan Putin Russiýanyň serhediniň golaýynda barha artýan NATO howpyna we harby güýjüne garşy Russiýanyň hem çäre görmäge mejburdygyny belledi.



Degişli Habarlar