Halkara jemgyýetden Katar krizisi bilen baglanşykly beýanatlar gelmäge dowam edýär

Katar bilen Arap ýurtlarynyň arasyndaky krizis bilen baglanşykly halkara jemgyýetden beýanatlar gelmäge dowam edýär

747274
Halkara jemgyýetden Katar krizisi bilen baglanşykly beýanatlar gelmäge dowam edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň Şasy Selmana jaň edip, terrorizmiň maliýesine we aşa ideologiýalara garşy Pars aýlagy ýurtlarynda jebislige zerurlygyň bardygyny belledi.

Amerikanyň Daşary işler ministrligi terroryň maliýesiniň öňüniň alynmagynda Kataryň köp işler edendigini, emma ediljek işleriň entek köpdügini belledi.

Ministrligiň metbugat geňeşçisi Heather Nauert: “Katar bilen güýçli gatnaşyklarymyz bar. Katar bilen we sebitdäki beýleki ýurtlar bilen bilelikde terrora garşy hyzmatdaşlyk etmegimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Şon Spaýser meseläniň iň gysga wagtda çözülmegini we gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin Amerikan hökümetiniň sebit ýurtlary bilen gepleşikler geçirýändigini belledi.

Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah bolsa Saud Arabystanyna bir günlük sapar gurady.

Kuweýdiň Emiri Sabahyň Saud Arabystanynyň Şasy Selman bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleleriň ele alynandygy habar berildi. Duşuşygyň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmedi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Bin Ahmed Al Jubeýr Fransiýanyň paýtagty Parižde beren beýanatynda Kataryň syýasatyny üýtgetmelidigini we ekstremist toparlara goldaw bermegini bes etmelidigini nygtady.

Jubeýr Kataryň Arap ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ýola goýup bilmegi üçin Palestinada Hamas guramasyna we Müsürde Musulman doganlar guramasyna berýän goldawyny bes etmelidigini habar berdi.

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bolsa ýurdynyň goňşy ýurtlary bilen başyndan geçirýän krizisiň çözgüdi üçin dialoga taýardygyny we araçylyk etmäge hem açykdygyny belledi.

Al Sani CNN-e beren beýanatynda: “Dialoga we oturyp gürleşmäge taýardyrys. Biz bu ýerde adatdan daşary güýç däl we meseleleriň çaknyşyklar arkaly çözüljekdigine ynanmaýarys” diýdi.

Al Sani ýurdunyň terrora goldaw berýändigi baradaky günäkärlemeleri bolsa kabul etmedi.



Degişli Habarlar