Germaniýada musulmanlara garşy hüjümler barha artýar

Germaniýada 2017-nji ýylyň ilkinji çärýeginde musulmanlara garşy 208 gezek hüjüm guraldy

745671
Germaniýada musulmanlara garşy hüjümler barha artýar

Germaniýada çap edilýän "Neue Osnabürcker Zeitung" gazediniň berýän habaryna görä nemes hökümeti Çepçi partiýanyň soragyna beren jogabynda bu hüjümleriň aglabasynyň aşa çepçiler tarapyndan guralandygyny belläp, hadysalarda 2 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Musulmanlara garşy hüjümler internediň üsti bilen küşgürijilik, haýbat atylýan hatlaryň iberilmegi, köçelerde başatgyçly zenanlara we erkeklere hüjümler, musulmanlara degişli binalara zeper ýetirmek bilen nasist alamatlaryň çyzylmagy hökmünde görkezildi.

Beýleki tarapdan ady agzalan döwürde metjitlere 15 gezek hüjüm guralandygy bellenip, şol sanyň 2016-njy ýylyň ilkinji 3 aýynda 27 hökmünde bellige alynandygy mälim edildi.

Nemes hökümeti 2017-nji ýylyň ilkinji çärýeginde ýurtda yslama garşy 32 gezek protestler geçirlen bolsa, şol san 2016-njy ýylda 36 bolandygy habar berildi.



Degişli Habarlar