"Arap ýurtlarynyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýar"

Arap ligasy, Arap ýurtlarynyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin agza ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny mälim etdi

746752
"Arap ýurtlarynyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýar"

Arap ligasynyň Baş sekretary Ahmed Abu Geýt ýazmaça beýanatynda Bahreýin, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür we Ýemen tarapyndan “terrora goldaw bermek bilen aýyplanýan” Katar bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny kesmegi bilen arabaglanşykly başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.

Abu Geýt “Arap ýurtlarynyň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin agza ýurtlar bilen utgaşykly hereket etmäge taýardyrys”diýdi.

Arap ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlyga uly gynanç bildirýändigini aýdan Abu Geýt” Dartgynlyklaryň ortadan aýrylmagy üçin ilkinji nobatda doganlyk ýurtlaryň arasynda gatnaşyklar kadalaşýança Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýiniň, Kuweýdiň, Kataryň we Ummanyň arasynda 2014-nji ýylda baglaşylan Riýat ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini we agza ýurtlaryň Arap ligasynyň agzalyk şertnamalarynyň kadalaryny ýerine ýetirmeklerini” maslahat berdi.

 



Degişli Habarlar