ÝB Trampa çagyryş etdi

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunker ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Fransiýanyň paýtagty Parižde gol çekişilen Howa çalşygy baradaky konwensiýadan çekilmezligi üçin çagyryş etdi

743465
ÝB Trampa çagyryş etdi

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýunker Germaniýanyň paýtagty Berlinde gatnaşan çäresinde sözlän sözünde ABŞ bilen göz-göze maslahatlaşmak üçin käbir zatlaryň gözegçilik astyna alynmalydygyny aýtdy.

Transatlantik gatnaşyklaryň dowam etmeginiň tarapynda durýandygyny beýan eden Ýunker; “Kimdir biri ABŞ-na howa çalşygy baradaky konwensiýadan arkaýynlyk bilen çekilip bilmejekdigini beýan etmeli. Pariž ylalaşygynyň borçlaryndan halas bolmak üçin uzak ýyllar gerek bolar” diýdi.

Howa çalşygynyň getirýän howplaryna ünsi çeken Ýunker; “Howa çalşygyna garşy berk göreşmän halatymyzda 83 ýurduň ýer ýüzünden ýok bolma howpy bar” diýdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň 3M-i, Morgan Stanley, JPMorgan Chase, Proctor&Gamble, General Elektrik, Johnson&Jhonson, The Dow Chemical Company, Tesla, Citigroup we The Disney Company firmalarynyň ýolbaşçylary hem Amerikanyň teleýaýlymlary hem-de Ýou-Tube arkaly berilen reklama bilen Trampa ýüzlendi.

Reklama filminde “ABŞ-nyň Howa çalşygy baradaky Pariž konwensiýasyndan çykmazlygy üçin güýçli goldawymyzy beýan edýäris. Prezident Tramp, Pariž konwensiýasyndan çekilme we iş üpjünçiligini döretmek üçin has amatly ylalaşyklary ara alyp maslahatlaş” diýilýär.

Donald Trampyň Amerikan mediasynda berilen habarlarda ABŞ-ny şol konwensiýadan çykarmak üçin taýarlyklara başlandygy öňe sürülipdi.

Tramp Twitter arkaly beren beýannamasynda; “Pariž konwensiýasy baradaky kararymy birnäçe günüň dowamynda beýan ederin. ABŞ-ny ýaňadandan beýgeldeliň” diýipdi.

2015-nji ýylda Parižde geçirilen BMG-niň Howa çalşygy baradaky 21-nji maslahatynda tassyklanan konwensiýa 2016-njy ýylyň aprel aýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezinde ABŞ-nyň, Hytaýyň we Türkiýäniň degişli bolmagyndaky 190-dan gowrak ýurt tarapyndan gol goýulypdy.

Ylalaşykda howa çalşygynyň ýaramaz täsirlerine garşy döwletleriň taýarlyk görmegi, parnik gazynyň zyňylymyny azaldýan ekologik we durnukly ykdysady şertleriň goldanmagy ýaly maddalar ünsleri çekýär.

 



Degişli Habarlar