Putin: “Siriýa babatynda Türkiýe bilen ençeme meselede meňzeş garaýyşa eýediris” diýdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Siriýa babatynda Türkiýe bilen ençeme meselede meňzeş garaýyşa eýediklerini habar berdi

744036
Putin: “Siriýa babatynda Türkiýe bilen ençeme meselede meňzeş garaýyşa eýediris” diýdi

Putin halkara habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatda: “Türkiýe bilen esasy meselelerde düşünişmedik bolsadyk Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi we howpsyz zolklaryň döredilmegi baradaky ylalaşyklary gazanyp bilmezdik” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Türkiýäniň terror guramasy PÝD/PKK baradaky aladalaryny bilýändiklerini belläp bu babatda konstruktiw işleriň alynyp barylmagy üçin tagalla edýändiklerini habar berdi.

Siriýanyň bölünip bilmegine alada bildirýändiklerini aýdan rus lider howpsyz zolaklaryň döredilmeginede alada bildirýändiklerini, bu sebitleriň geljekde Siriýanyň bölünmegine esas döretmeli däldigini belledi.

Putin: “Gaýtam bu sebitler ýurdyň territorial bütewiligiň goralmagy we geljekde syýasy dialoga nusga bolmagy gerek” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Putin , #Siriýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar