Amerikanyň Birleşen Ştatlary ballistik raketa goranyş ulgamyny synagdan geçirdi

Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglaryny ýygjamlaşdyrdygy döwürde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem ballistik raketa goranyş ulgamyny synagdan geçirdi

742631
Amerikanyň Birleşen Ştatlary ballistik raketa goranyş ulgamyny synagdan geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) Marşal adalaryndan atylan materiagara ballistik raketanyň Kaliforniýa ştatyndaky Wanderberg howa bazasynda ýerleşýän ballistik raketa goranyş ulgamy tarapyndan üstünlikli ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Ady agzalan ulgamyň we ABŞ-nyň ballistik raketa goranyş ulgamynyň ilkinji synagydygy bellenýän beýanatda goranyş ulgamynyň nyşana astyndaky ulgam bilen bagly ähli maglumatlary ençeme datçik we Ýuwaş okeanynda ýerleşdirilen X-Band radarlary bilen alandygy we şol maglumatlaryň esasynda od açma mehanizmini sazlandygy bellenýär.

Raketa goranyş ulgamy agentliginiň müdüri wise-admiral Jim Syring synagy örän üstünlikli diýip häsýetlendirip ulgamyň ABŞ-nyň toparklaryny goramakda örän wajyp oruna eýedigini nygtady.



Degişli Habarlar