Demirgazyk Koreýa ýene-de iki aýry raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa diplomatik basyşlara garamazdan raketa synaglaryny geçirmegini dowam etdirýär

741093
Demirgazyk Koreýa ýene-de iki aýry raketa synagyny geçirdi

Resmi Phenýan bu gezek bolsa täze oýlap tapan zenit raketa ulgamyny synagdan geçirdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn synaga özi ýolbaşçylyk etdi.

Ýeni ulgamyň synagyny görkezýän wideo döwlet telewideniýelerinde göni ýaýlym arkaly görkezildi.

Kim synagdan soň täze ýaragyň öndürilmegi üçun buýruk berdi.

ABŞ bolsa Demirgazyk Koreýanyň materigara ballistik raketa synagyna tomaşa edip oturmaýar.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet howpsyzlyk maksady bilen raketa goranyş ulgamyny synagdan geçirmek üçin taýarlyk görýär.

Meýilleşdirilen synagyň öňümizdäki hepde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Beýleki tarapdan bolsa Demirgazyk Koreýa ballistik raketa synagynyň ýenede birini geçirdi.

ABŞ gysga aralykly raketanyň Demirgazyk Koreýanyň Wonsandaky howa bazasyndan atylandygyny we 6 minut soň Ýaponiýa deňizine düşendigini belledi.

Ýaponiýa we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň synagy bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň düzgünlerini bozandygyny belleýärler.



Degişli Habarlar