NATO DAIŞ-e garşy göreşýän koalisiýanyň düzümine goşular

NATO agza 28 ýurt NATO-nyň terror guramasy DAIŞ-e garşy koalisiýanyň düzümine goşulmagy babatynda ylalaşdy

738848
NATO DAIŞ-e garşy göreşýän koalisiýanyň düzümine goşular

Ady agzalan kararyň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde şu gün geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynda mälim edilmegine garaşylýar.

Britaniýanyň Mançester şäherinde 2 gün ozal terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan we 22 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden soň kabul ediljek bu karar bilen NATO-nyň terror howpyna garşy biperwaý bolmadygy barada ýüzlenme bermek isleýändigi hökmünde häsýetlendirilýär.

NATO-nyň koalisiýa goşulmagy bilen terror guramasy DAIŞ bilen göreşiň has netijeli bolmagyna garaşylýar.

NATO razwedka we harby tälim boýunça goldaw berer. Owganystanda Al Kaýda we Talibana garşy göreşe öňbaşçylyk eden NATO-nyň tejribeleri bilen paýlaşyp biljekdigi we harby enjamlar bilen üpjün edip biljekdigi mälim edilýär.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg düýn beren beýanatynda NATO-nyň kolasiýanyň düzümine goşulan halatynda söweşjeň roly öz üstüne almajakdygyny belläpdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy koalisiýa 2014-nji ýylda döredilipdi. Aralarynda Türkiýe hem bolan 68 ýurt Siriýada we Yrakda terror guramalaryna garşy opeasiýalar geçirýär.


Etiketkalar: #karar , #NATO , #Belgiýa , #koalisiýa , #DAIŞ

Degişli Habarlar