NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Brýusselde duşuşar

Prezident Erdogan hem maslahata gatnaşmak üçin şu gün Brýussele gider

738451
NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Brýusselde duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Belgiýanyň paýtagty Brýuselde geçiriljek maslahatyna ilkinji gezek gatnaşar.

Prezident Erdogan hem maslahata gatnaşmak üçin şu gün Brýussele gider.

Siriýa meselesi bilen terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş maslahatyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Maslahatda “Terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaşlykda NATO agza ýurtlaryň ýer alyp almajakdygy” soragyna jogap gözlener.

NATO halkara hyzmatdaşlyga häzirki wagtda diňe çäkli goldaw berýär.

NATO agza ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlyga maddy taýdan goldaw bermegi meselesi hem gün tertibine getirler.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #NATO , #agza ýurtlar , #Erdogan

Degişli Habarlar