Britaniýada terrorçylykly hüjüm guraldy

Hüjümde 22 adam aradan çykdy, 50-den gowrak adam ýaralandy

737224
Britaniýada terrorçylykly hüjüm guraldy

 

Britaniýanyň Mançester şäherindäki iň uly konsert zaly bolan Mançester Arenada düýn gije terrorçylykly hüjüm guraldy.

Hüjümde 22 adam aradan çykdy, 50-den gowrak adam ýaralandy.

Premýer ministr Teresa Meý polisiň wakany terrorçylykly hüjüm hökmünde häsiýetlendirendigini aýtdy.

Premýer ministr wakanyň giňişleýin derňeljekdigini ýatlatdy.

Premýer ministr Meý hüjüm sebäpli 8-nji iýunda geçiriljek irki saýlawlarlar üçin geçirýän kampaniýasyny saklady.

Amerikaly aýdymçy Ariana Grandeniň konserdi gutaran badyna ýerli wagt bilen sagat 22.35-de terrorçylykly hüjüm guraldy.

Hüjümde aradan çykanlaryň arasynda çagalar hem bar.

Güýçli partlama sebäpli konserde gelen müňlerçe adam dowla düşdi.

Hüjümiň bedenine bomba ýerleşdiren hüjümçi tarapyndan guralandygy nygtalýar.

Terrorçylykly hüjüm sebäpli paýtagt Londonda krizis merkezi döredildi.

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem Mançester şäheriniň howpsyzlyk güýçleriniň ýolbaşçylary bilen gyssagly maslahat geçirdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Londondaky ilçihanasy Britaniýadaky raýatlaryna duýduryş berdi we özleri bilen aragatnaşyk saklamaklaryny isledi.

 



Degişli Habarlar