"Terrora goldaw berýändigi sebäpli Eýrana goýlan embargolar dowam eder"

Tillerson özara duşuşykdan soň beren beýanatynda Eýranyň maslahata gatnaşmazlygy hakynda hem durup geçdi

736489
"Terrora goldaw berýändigi sebäpli Eýrana goýlan embargolar dowam eder"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson terrora goldaw berýändigi we balistiki roketa maksatnamasyny dowam etdirýändigi sebäpli Eýrana goýlan embargolaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Reks Tillerson Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirlen ABŞ-Arap we musulman ýurtlar maslahatynyň çäginde Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jübeýr bilen duşuşdy.

Tillerson özara duşuşykdan soň beren beýanatynda Eýranyň maslahata gatnaşmazlygy hakynda hem durup geçdi.

Resmi Tähranyň Ýemen, Yrak we Siriýa ýaly ýurtlar bilen Liwanda Hizbullaha goldaw bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Tillerson terrora goldaw berýändigi we sebitde durnuksyzlyk emele getirýändigi sebäpli Eýrana berilýän tölegi kesmek hakynda pikir edýändiklerini aýtdy.

Tillerson embargolar arkaly Eýrana garşy çäre görmäge we basyş etmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Eýran anna güni geçirlen prezident saýlawy hakynda durup geçen Tillerson Eýranda täze döwrüň başlandygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar