Siriýa gepleşikleriniň 6-njy tapgyry ertir başlaýar

BMG-nyň Ženewadaky merkezinde metbugata beýanat beren Mistura ertir başlajak gepleşikleriň 19-njy ýada 20-njy maýda tamamlanjakdygyny aýtdy

732579
Siriýa gepleşikleriniň 6-njy tapgyry ertir başlaýar

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ertir başlajak Siriýa gepleşikleriniň 6-njy tapgyrynda geçiş döwri, konstitutsiýa, saýlawlar we terrora garşy göreş ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.

BMG-nyň Ženewadaky merkezinde metbugata beýanat beren Mistura ertir başlajak gepleşikleriň 19-njy ýada 20-njy maýda tamamlanjakdygyny aýtdy.

Pepleşikleriň 6-njy tapgyrynyň ozalky tapgyrlardan tapawutly boljakdygyny aýdan Misura “İlkinji nobatda ähli toparlar ýagny BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararynda kesgitlenen toparlar we ozalky gepleşiklere gatnaşan toparlar Ženewa geler”diýdi.

Mistura Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Astanada gol çekişen Siriýada çaknyşyksyz zolaklar hakyndaky teswirnamasyndan soň gepleşikleriň 6-njy tapgyrynyň has möhümdigine ünsi çekdi.

Siriýa temaly gepleşikleriň 5-nji tapgyry Ženewada mart aýynyň 22-31-i aralygynda geçirlipdi.

 


Etiketkalar: #Mistura , #Ženewa , #Siriýa , #BMG

Degişli Habarlar