Mattis Ýyldyrym bilen Londonda geçiren duşuşygynyň aç-açan we netijeli bolandygyny beýan etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Londonda geçiren duşuşygynyň aç-açan we netijeli bolandygyny aýtdy

730743
Mattis Ýyldyrym bilen Londonda geçiren duşuşygynyň aç-açan we netijeli bolandygyny beýan etdi

Jim Mattis Amerikanyň harby uçarynda žurnalistlere Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen gteçiren duşuşygy barada beýannama berdi.

ABŞ-nyň terror guramasy PKK/PÝD-ä ýarag kömegini bermegi barada Türkiýäniň bildirýän aladasyny kabul edýändigini aýdan Mattis, Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK garşy alyp barýan göreşini goldaýandyklaryny beýan etdi.

Mattis ABŞ-nyň we Türkiýäniň; “Bu meseläniň hötdesinden Türkiýäniň howpsyzlygyna, NATO-nyň howpsyzlygyna we terror guramasy DAİŞ-e garşy alynyp barylýan operasiýa degişli goldawy bermek bilen gelip biljekdigine” doly ynanýandygyny beýan etdi.

Jim Mattis ekstremist terror guramasy PKK hiç haçan ýarag bermändiklerini we bermejekdiklerini öňe sürdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Britaniýanyň we BMG-niň ýer eýeçiliginde geçirilen Somali baradaky maslahat üçin Londona guran saparynyň dowamynda duşuşan ABŞ-nyň Goranmak ministri Mattisiň, ABŞ-nyň NATO agza Türkiýäni goramaklyga bolan tabynlygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar