Jorj Wella: “Türkiýe Ýewropa üçin strategik bir hyzmatdaş” diýdi

Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlygy Maltanyň Daşary işler ministri Jorj Wella Türkiýäniň Ýewropa üçin strategik bir hyzmatdaşdygyny nygtady

730739
Jorj Wella: “Türkiýe Ýewropa üçin strategik bir hyzmatdaş” diýdi

Wella Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda ÝB bilen gatnaşyklaryň geljegine türk halkynyň we resmileriniň karar berip biljekdigini, meselä bular ýaly garamagyň Türkiýäniň özygtyýarlylygyna sarpa goýmak boljakdygyny belledi.

28-nji aprelde Maltada geçirilen we Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatmaşan maslahatda ÝB-niň Türkiýe bilen aragatnaşyk kanallaryny açyk tutmak barada ýüzlenme berendigini ýatladan Wella Türkiýe bilen gepleşikler geçirmäge we meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga açykdyklaryny habar berdi.

Kabul edilen käbir kararlaryň gatnaşyklara zeper ýetirmeginiň gynandyryjydygyny aýdan Jorj Wella: “Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýänň arasynda güýçli gatnaşyk bar. Türkiýe Ýewropa üçin strategik bir hyzmatdaş we meseleleri diplomatik ýollar bilen ele almalydyrys” diýdi.



Degişli Habarlar