Yragyň Baş ştabynyň başlygy Mosul operasiýasynyň üç hepdäniň içinde tamamlanjakdygyny belledi

Yragyň Baş ştabynyň başlygy Osman Al Ganimi Mosul operasiýasynyň üç hepdäniň içinde tamamlanjakdygyny we şäheri azat etjekdiklerini belledi

723400
Yragyň Baş ştabynyň başlygy Mosul operasiýasynyň üç hepdäniň içinde tamamlanjakdygyny belledi

Ganimi terror guramasy DAIŞ-iň häzirki wagtda Mosulyň 35 göterimini gözegçilik edýändigini habar berdi.

2014-nji ýylda terror guramasy DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Mosulyň azat edilmegi üçin geçen ýylyň 17-nji oktýabrynda operasiýa başladylypdy.

Ilkinji etapda gündogar tarapy DAIŞ-den basylyp alynan şäherde operasiýanyň başlanan mahaly Mosulda takmynan 6 müň terrorçynyň bardygy çak edilýärdi.

6 aý bäri dowam edýän operasiýada häzirki wagtda bolsa şäheriň demirgazyk-günbataryndaky sebitde 200-300 terrorçynyň galandygy aýdylýar.



Degişli Habarlar